Korporatiw okuw

Okuwlar siziň kärhanaňyzyň talaplaryna esaslanyp işlenip düzülýär. Siz biziň internet sahypamyzda ýerleşdirilen standart temalary we seminarlary saýlap ýa-da öz kärhanaňyzyň aýratynlygyna we talabyna laýyk gelýän okuw programmasyny işläp düzmek üçin ýüz tutup bilersiňiz.

Mundan başga-da, Trening merkeziniň hödürlän başlangyç programmalarynyň temalarynyň hem-de sagat sanlarynyň üýtgedilmegini-de gazanyp bilersiňiz.

Siziň arzaňyz esasynda, hatda sizi gyzyklandyrýan programmalar biziň internet sahypamyzda görkezilmedik bolaýan ýagdaýynda-da, ýokary kwalifikasiýaly hünärmenler saýlanyp alnar, okuw meýilnamasy işlenip düzüler.

Okuwyň tölegi-de, siziň talaplaryňyza we islegleriňize görä ylalaşylar. Zerur halatynda, Alym-Saraýly biznesi ösdüriş merkezi, diňleýjiler tarapyndan okuw materialynyň has gowy özleşdirilmegini üpjün etmek üçin olary toparlara bölmek maksady bilen, siziň işgärleriňizden başlangyç test almak işlerini hem gurnap biler.

Işgärleriň korporatiw okuwy – siziň professionallar kollektiwini döretmek we olaryň ýokary hünär derejesini saklamak mümkinçiligiňizdir. Kärhananyň alyp barýan işiniň netijeleri edil maýa goýumlara, innowasiýalara we esasy fondlaryň täzelenmegine garaşly bolşy ýaly, hünärmenleriň başarnyklaryna, tejribesine we endiklerine-de bagly bolýar.