Nariman Seýitbaýewiç Gandymow

Esaslandyryjy «Saraýly» kompaniýalar toparynyň

 

Nariman Seýitbaýewiç Gandymow- Analitik, strategik dolandyryş, salgyt hasaby, maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary (MHHS), buhgalter hasaby we audit, bank işi ulgamlarynda 25 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan bilermen. Onuň hünär ýoly Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryny, ýagny bank ulgamyndan we senagatdan başlap, gurluşyk we halkara auditine çenli bolan ugurlary öz içine alýar. Onuň ýolbaşçylygynda «Saraýly» «Saraýly» kompaniýalar topary wekillik hyzmatlary we halkara işewürligini goldamak ulgamynda ýokary hil standartlaryny berjaý etmek bilen işleýän köp ugurly holdinge öwrüldi.

 

Bilermenlik we hünär tejribesi

Nariman Seýitbaýewiç zähmet ýoluna bank ulgamyndan başlady we şol ýerde maliýe gurallaryna hem-de buhgalter hasabynyň usulyýetine çuňňur düşünmegini kemala getirdi. Soňra, onuň iş tejribesi ýurduň dürli görnüşli guramalarynda - döwlet kärhanalaryndan başlap, halkara kompaniýalaryna çenli bolan düzümlerde maliýe dolandyryşy bilen bagly boldy.

 

Esasy ukyplar we başarnyklar:

·                   Audit: Ygtyýarnamaly auditor we salgyt maslahatçysy hökmünde köp ýyllyk iş tejribesine eýedir. Ýerli we halkara maliýe hasabatlylygynyň standartlaryna laýyklykda işleýän «Sarayly Hyzmat», kompaniýasynyň Esaslandyryjysy we Baş direktory.

·                   Strategik dolandyryş Ykdysadyýetiň esasy pudaklaryndaky (söwda, uglewodorod serişdeleri, import-eksport, gurluşyk, senagat, IT) amallarynyň iş proseslerine ekspert derejesinde düşünmek.

·                   Halkara hyzmatdaşlyk Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk tejribesi we global bazarlaryň iş ýörelgelerine düşünmek. ABŞ, Beýik Britaniýa, Germaniýa, Belgiýa, BAE we Türkiýe döwletlerinde halkara hünär taýýarlygy.

 

Bilimi we hünär derejesi

Ýokary bilimi: Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Hukuk we halkara gatnaşyklary fakulteti, hünäri «Halkara ykdysatçy».

Hünär okuwy we hünär kämilleşdirişi:

·                   Ykdysadyýet Neşwill (ABŞ), London (Beýik Britaniýa) we Stambul (Türkiýe).

·                   Bank işi - Frankfurt (Germaniýa), Brýussel (Belgiýa).

·                   Komplaýens (Compliance) Dubaý (BAE).

Ygtyýarnama: Ygtyýarnamaly auditor (Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi).

 

Missiýa:

Strategik missiýasy «Saraýly» kompaniýalar toparynyň. Türkmenistanda aýdyň we netijeli işewür gurşawyny döretmek. Müşderiniň islendik çylşyrymlylyk derejesindäki taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ýerli tejribäni halkara standartlary bilen utgaşdyrmak.