Wekilçilik hyzmatlary

Halkara kompaniýalaryň Türkmenistanyň bazaryna ynamly girmegine we işewürligini ösdürmegine ýardam edýäris

 

Türkmenistanyň bazary halkara kompaniýalary üçin giň mümkinçilikleri açýar, ýöne ol ýerli kanunçylygy, amallary, işewürlik gurşawyny we milli etika kadalaryny çuňňur bilmegi talap edýär.

«Saraýly» kompaniýalar topary siziň biznesiňize strategiýa düzmekden başlap, bazarda hakyky işe girişmäge çenli ähli tapgyrlarda goldaw edýär. Biz siziň işewürligiňiziň bazara ygtybarly we netijeli girmegine hem-de dürli derejeli taslamalary amala aşyrmagyna kömek edýäris.

Biz döwlet edaralary, hyzmatdaşlar we potratçylar bilen özara gatnaşyklaryňyzy öz üstümize alýarys, düzgünleşdiriji töwekgelçilikleri azaltmaga we halkara standartlaryny ýerli işewürlik talaplaryna uýgunlaşdyrmaga ýardam edýäris.

 

Biziň esasy hyzmatlarymyz

 

  1. Korporatiw wekillik

Biz doly derejeli ofis açmak we ony saklamak zerurlygy bolmazdan, kompaniýaňyzyň ýurtda amatly şertlerde bolmagyny üpjün edýäris.

  • Biznes-modeli uýgunlaşdyrylmak - kompaniýanyň strategiýasyny Türkmenistanyň kanunçylygyna we ykdysady şertlerine uýgunlaşdyrmaga kömek edýäris.
  • Abraý goldawy - işewürlik we döwlet gurşawynda kompaniýanyň hünärmenlik imijini kemala getirýäris.
  • Gepleşiklerde we korporatiw çärelerde wekillik etmek - duşuşyklarda, forumlarda, sergilerde we resmi gepleşiklerde goldaw edýäris.
  • Hyzmatdaşlary we üpjünçileri barlamak - ygtybarly ýerli we daşary ýurtly kontragentleri saýlamaga hem-de durnukly üpjünçiligi yzygiderli guramaga ýardam berýäris.

 

  1. Tenderlere we satyn almalara goldaw etmek

Iri döwlet we hususy buýrujylar bilen işleşmek düzgünleriň we möhletleriň takyk berjaý edilmegini talap edýär. Biz tender amallarynyň ähli tapgyrlarynda - mümkinçilikleri gözlemekden başlap, şertnama baglaşylýança goldaw edýäris.

  • Monitoring we seljeriş energetika, nebit-himiýa, gurluşyk, infrastruktura we sanly tehnologiýalar ulgamynda geljegi uly taslamalary gözlemek.
  • Tender resminamalary taýýarlamak - ýerli talaplary hasaba almak bilen tehniki we täjirçilik tekliplerini kemala getirmek.
  • Laýyklyga gözegçilik - resminamalaryň we sargytlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna we buýrujynyň şertlerine laýyklygyny barlamak.
  • Şertnamalaýyn goldaw - geleşikleriň hukuk taýdan goldalynmagy we borçnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek.

 

  1. Döwlet edaralary bilen özara gatnaşyklar

Düzgünleşdiriji edaralar bilen netijeli gepleşikler - taslamalaryň we işleriň şowlulygynyň açarydyr.

  • Düzgünleşdiriji konsalting - kanunçylykdaky üýtgeşmeleri we olaryň biznese täsirini seljermek.
  • Resmi duşuşyklary guramak - ýurduň ministrlikleri we edaralary bilen geçirilýän gepleşiklere goldaw etmek.
  • Maýa goýum taslamalaryna goldaw etmek - rugsatnamalary, lisenziýalary, sertifikatlary we beýleki zerur resminamalary almaga ýardam bermek.
  • Standartlary we kadalary işläp taýýarlamaga gatnaşmak - pudaklaýyn meýdançalarda müşderiniň bähbitlerini goramak.

 

Näme üçin bizi saýlaýarlar?

  • Ýerli bazary çuňňur bilmek
  • Halkara kompaniýalar bilen iş tejribesi
  • Töwekgelçilikleri azaltmak we ähli amallaryň aýdyňlygy
  • Müşderiniň wagtyny we serişdelerini tygşytlamak