Biz Barada

6

ýyl döredileni bäri

Sarayly Hyzmat

BIZIŇ BILEN IŞLEMEGIŇ ARTYKMAÇLYGY

Ulgamlaýyn çemeleşme 

Biziň müşderilerimiziň köpsi auditor barlagyň geçirilmesi üçin şertnamalaryň baglaşylmasyndan daşary, maslahat berme hyzmaty üçin şertnamalary baglaşýarlar. Bu bolsa auditor barlagyň başlamagyna garaşman on–line tertibinde iň çylşyrymly meseleleri operatiw çözmäge mümkinçilik berýändir. 

Auditiň geçiriliş möhletleriniň berk berjaý edilmesi üçin jogapkärçilik çekýäris 

Biz öz işimizi artykmaç başagaýlykdan we gaharjaňlykdan gaçmak üçin şeýle görnüşde meýilleşdirýäris. Biz hem başganyň, şonuň ýaly hem öz wagtymyzyň gadyryny bilýäris.  

Işleri ýerine ýetirmegiň gidişiniň barlagy

Auditor barlagy geçirmek boýunça iş prosesiniň gidişini hemişe barlamagyň mümkinçiligini biz öz müşderilerimize berýäris. Her bir pursatda müşderi edaranyň wekilleri ýerine ýetiriji bilen ähli gyzyklandyrýan meseleleri maslahatlaşyp bilerler we şu pursatda ýerine ýetirilenler, geljekdäki haýsy ädimleriň boljakdygy barada habar alyp bilerler.   

Salgytlary iň amatly ýagdaýa getirmäge we azaltmaga kömek edýäris 

Öz işiňize bolan salgyt ýükini düşürmek we salgyt töleglerini azaltmak üçin, biz öz müşderilerimize kanunçylyk tarapyndan göz öňünde tutulan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga teklip edýäris: salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaklyk, salgyt tertiplerini we salgyt salynýan zatlaryň saýlamagyň dogrulygy, hasaba alyş ugry elementleriniň emele getirmegiň we ulanylmagyň ýalňyşsyzlygy. 

Hojalyk (maliýe) işiniň ähli çäkleri 

Auditor hyzmatlaryň bazaryndaky iş ýyllarynda hojalyk (maliýe) işiniň ähli çäklerinde biziň tarapymyzdan baý professional tejribesi toplanandyr: önümçilik, söwda, jemgyýetçilik iýmitlendirmesi, IT – tehnologiýalary, gurluşyk, syýahatçylyk hyzmatlary, ulag-ekspedisiýa hyzmatlary, saglyk hyzmatlary we başgalary. 

Gizlin saklamaklyk

Öz hyzmatlarymyzy teklip edenimizde, “Saraýly hyzmat” Auditor kompaniýasy işleriň doly gizlin bolmaklyk tertibini üpjün etmek boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alýandyr. Biz ýokarda agzalan işleriň gidişi barada, olaryň ýerine ýetirilişi hakykatyndan başga, haýsy bolsa başga bir maglumaty ýaýratmazlygy boýun alýarys.   

Our success rate

00

%

Üstünligimiz

Regular customers

00

+

Müşderiler

Qualified employees

00

+

Kwalifikasiýaly işgärler

Projects performed

00

+

Taslamalar ýerine ýetirildi