Türkmenistan, Aşgabat, Nazar Gulaýew köçesi 33
Türkmenistan, Aşgabat, Nazar Gulaýew köçesi 33



Wagtyň gadyryny bilýäris we işimiziň hemme zadyň dogry we wagtynda ýerine ýetirilmegi üçin meýilleşdirýäris.


Saraýly Hyzmat


Ulgamlaýyn çemeleşme
Biziň müşderilerimiziň köpsi auditor barlagyň geçirilmesi üçin şertnamalaryň baglaşylmasyndan daşary, maslahat berme hyzmaty üçin şertnamalary baglaşýarlar. Bu bolsa auditor barlagyň başlamagyna garaşman on–line tertibinde iň çylşyrymly meseleleri operatiw çözmäge mümkinçilik berýändir.
Auditiň geçiriliş möhletleriniň berk berjaý edilmesi üçin jogapkärçilik çekýäris
Biz öz işimizi artykmaç başagaýlykdan we gaharjaňlykdan gaçmak üçin şeýle görnüşde meýilleşdirýäris. Biz hem başganyň, şonuň ýaly hem öz wagtymyzyň gadyryny bilýäris.
Işleri ýerine ýetirmegiň gidişiniň barlagy
Auditor barlagy geçirmek boýunça iş prosesiniň gidişini hemişe barlamagyň mümkinçiligini biz öz müşderilerimize berýäris. Her bir pursatda müşderi edaranyň wekilleri ýerine ýetiriji bilen ähli gyzyklandyrýan meseleleri maslahatlaşyp bilerler we şu pursatda ýerine ýetirilenler, geljekdäki haýsy ädimleriň boljakdygy barada habar alyp bilerler.
Salgytlary iň amatly ýagdaýa getirmäge we azaltmaga kömek edýäris
Öz işiňize bolan salgyt ýükini düşürmek we salgyt töleglerini azaltmak üçin, biz öz müşderilerimize kanunçylyk tarapyndan göz öňünde tutulan ähli mümkinçiliklerden peýdalanmaga teklip edýäris: salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaklyk, salgyt tertiplerini we salgyt salynýan zatlaryň saýlamagyň dogrulygy, hasaba alyş ugry elementleriniň emele getirmegiň we ulanylmagyň ýalňyşsyzlygy.
Hojalyk (maliýe) işiniň ähli çäkleri
Auditor hyzmatlaryň bazaryndaky iş ýyllarynda hojalyk (maliýe) işiniň ähli çäklerinde biziň tarapymyzdan baý professional tejribesi toplanandyr: önümçilik, söwda, jemgyýetçilik iýmitlendirmesi, IT – tehnologiýalary, gurluşyk, syýahatçylyk hyzmatlary, ulag-ekspedisiýa hyzmatlary, saglyk hyzmatlary we başgalary.
Gizlin saklamaklyk
Öz hyzmatlarymyzy teklip edenimizde, “Saraýly hyzmat” Auditor kompaniýasy işleriň doly gizlin bolmaklyk tertibini üpjün etmek boýunça jogapkärçiligi öz üstüne alýandyr. Biz ýokarda agzalan işleriň gidişi barada, olaryň ýerine ýetirilişi hakykatyndan başga, haýsy bolsa başga bir maglumaty ýaýratmazlygy boýun alýarys.



Üstünligimiz

Müşderiler

Kwalifikasiýaly işgärler

Taslamalar ýerine ýetirildi
Biziň hyzmatlarymyz




Inisiatiwaly auditiň dürli görnüşliligi, kärhanada hasabatyň ýöretmeginiň dogrulygyny tassyklamak ma...


Hökmany audit geçirmek üçin “Sarayly Hyzmat” barlag kompaniýasynyň hyzmatlaryna ýüz tutup...


Salgyt goldawy häzirki wagtda iň talap edilýän hyzmatlara öwrülýär. Islendik döwürde salgyt töleýji...


“Saraýly hyzmat” gözegçilik kompaniýasynda maslahat bölümi döredildi we üstünlikli işleýär. Maslaha...


Hasapçylyk maslahatlary, kärhanalaryň guramalaryna hyzmat etmekligiň ähli meseleleri boýunça doly ma...


Kompaniýalar we dürli guramalar üçin doly hasapçylyk goldawy hyzmatlaryny berýäris. Köp ýyllyk tejri...


Kärhananyň özi tarapyndan başlanan (inisiatiwaly audit)Kompaniýanyň barlagynyň görnüşi, umuman hasab...