Webinarlar

Bu onlaýn taslama, hünärmenleri ýeňil bolmadyk synagy ýokary

netije bilen ynamly tabşyrmaga taýýarlamak üçin döredildi!

Taslama aşakdakylary öz içine alýar: kesgitleme bermek ukybyny barlamak bilen bagly testleri we mini-soraglary; Standartlaryň tekstlerini kämilleşdirmek; Ilk ibaşky we soňraky baha bermegiň hasaplamalaryny kämilleşdirmek üçin gysga meseleler Maliýe hasabatyna degişli aýdyňlaşdyrmany talap edýän çylşyrymly situasion meseleler.

Taslama özünde okuw materialyny özleşdirmäge we ACCA DipIFR (Rus) synagyny tabşyrmak başarnygyny kämilleşdirmäge ýardam berýän nazaryýet esaslaryny we amaly meseleleri jemleýär. Şeýle hem, bu resurs wagt boýunça çäklendirilen test soraglaryndan durýar. Ondan başga-da, ol ýa-da beýleki elemente we onuň ykrar edilmegi üçin şertlere kesgitleme bermek ukubyny barlamak bilen bagly mini-soraglar hem goşulan.

Bu taslamany esasy okuw programmasyna goşmaça hökmünde we MHHS boýunça başlangyç başarnyklary berkitmekde kömekçi hökmünde peýdalanyp bolýar.

Täze öwrenijeler üçin biznes ugurly Iňlis dili (BEGINNER + ELEMENTARY)

Kurs öz içine alýar: köp mukdarda leksikany

Grammatikany öwrenmegi

Tälimçi bilen we toparyň beýleki diňleýjileri bilen özara gürrüňdeşlik arkaly gürleşme başarnyklaryny türgenleşdirmegi.

Kurs boýunça taýýarlyk wagtynda Siz aşakdaky temalary öwrenersiňiz:

1. Özüň we işdeşleriň, maşgalaň bilen tanyşdyrmak (let me introduce myself, my colleague, my family), dünýewi söhbetdeşlige gatnaşmak (conversations at a party).

2. Kärler we iş ýerleri (jobs and professions), iş meselelerini çözmek (solving work problems)

3. Gezelenç (gezelenjiň jikme-jik şertleri, oteli, restorany bronirleme, nahar sargamak), doglan şäheriň (Travelling, travelling details, to book a hotel, a restaurant, to order meal)

4. Bir zatlar (haryt, hyzmat) satyn almak, önümi tanyşdyrmak (buying something (goods and services), product presentation)

5. Işdeşler. Biznesi başlamk (Types of colleagues. Start business)

6. Marketing çözgütleri, kärhanany tanyşdyrmak, hyzmatlary beýan etmek

7. Kärhananyň ösüş planlary. Korporatiw medeniýet (Plans of development of the company. Corporate culture)

8. Işde zerur başarnyk-ukyplar, gürrüňdeşlik (The skills necessary for the job, interview)

Içerki audit we içerki gözegçilik ulgamy

Programma:

1. Içerki auditiň esaslary

2. Hil häsiýetnamalaryň standartlary (Attribute standarts)

– Içerki auditiň maksady, ygtyýarlygy we jogapkärçiligi

– Etika kodeksi

– Içerki audit barada düzgünnama

3. Iş standartlary (Performance standards)

– Içerki auditi dolandyrmak

– Auditor ýumuşynyň maksady, göwrümi we mazmuny

– Planlaşdyryş

– Syýasat we proseduralar

– Hususy meseleleri dolandyrmak

– Maglumaty seljermek we oňa baha bermek

– Auditor hasabatlary

– Barlag netijeleriniň monitoringi

4. Hilegärligiň we gözegçiligiň howpy (töwekgelçilikleri)

5. Içerki auditiň işiniň aýry taraplary (aspektleri)

- Biznes-prosesler we töwekgelçilikler

– Dolandyryş hasabaty

– Pul maýalaryny dolandyrmak

– Strategiki planlaşdyrma

– Kommunikasiýalar we liderligiň ýörelgeleri

Auditiň halkara standartlarynyň (AHS) we maliýe hasabatynyň (MHHS) ähli üýtgemeleri boýunça progressiw gollanma (auditorlar we hasabat hünärmenleri üçin hökmany)

Iki sany täze standart:

• MHHS (IFRS) 9 “Maliýe esbaplary”

• MHHS (IFRS) 15 “Alyjylar bilen şertnama boýunça girdeji”

Neşir edilen ýöne entäk güýje girmedik standartlar:

MHHS (IFRS) 16 “Arenda”

2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär

MHHS – 2018 wajyp üýtgetmeler:

HMHAK (IFRIC) halkara maliýe hasabatyny aýdyňlaşdyrmak boýunça komitet 22

MHHS (IAS) 40 “Inwestision gozgalmaýan emläk” – inwestision emläk geçirimleri.

MHHS 2014-2016-njy ýyllarda her ýylky kämilleşdirmeler.

MHHS amalyýetde ulanylşynyň käbir aýratynlyklary:

Nädip MHHS (IAS) 36 “Aktiwleriň hümmetiniň düşmegi” laýyklykda aktiwiň peýdalanylyş gymmatyny kesgitlemeli

Nädip MHHS (IFRS) 12 “Beýleki gurmalara goşulýandygy barada maglumatyň aýan bolmagy” laýyklykda şärik bolmagyň töwekgelçiliklerini görkezmeli.

Auditor resminamalaryna talaplar. Auditde töwekgelçilikleri ýüze çykarmak we olara baha bermek.

Buhgalterleriň halkara federasiýasynyň professional buhgalterleriniň etika kodeksi

Auditor resminamalaryna umumy talaplar (HAS 230 Auditoryň iş resminamalary)

Müşderini kabul etme etapynda resmileşdirme

Auditi planlaşdyrma etapynda resmileşdirme

Auditor seçgisi

Düýpli ýoýulmanyň töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak we baha bermek

Auditor hasabatyny çap etme

Buhgalterleriň halkara federasiýasynyň professional buhgalterleriniň etika kodeksi

Umumy düzgünler. Etika kodeksiniň gurluşy we onuň maksady.

Etikanyň fundamental ýörelgeleri we olary berjaý etmäge konseptual çemeleşme.

Etikanyň esasy ýörelgelerini berjaý etmäge konseptual çemeleşmäni peýdalanmak

Şahsy gyzyklanmanyň howplary.

Öz-özüňi kontrol etmegiň howplary.

Hile gurmagyň howplary.

Sertifikatlaşdyrylan maliýe direktory (IAAP sertifikasiýasy)

Programma:

1-nji bölüm. Çözgütleri kabul etmekde dolandyryş hasabaty.

2-nji bölüm. Maliýe menejmenti.

3-nji bölüm. Maliýe hasabatynyň halkara standartlary (IFRS).

4-nji bölüm. Korporatiw pul maýalary.

MHHS (IAB) boýunça sertifikatlaşdyrylan baş buhgalter, ýanwardaky tapgyr

Kursyň maksady – maliýe hasabaty boýunça degişli tejribesi bolan hünärmenlere maliýe hasabatynyň halkara standartlarynyň jikme-jik praktiki bilimlerini bermek.

Taýýarlaýyş prosesinde MHHS boýunça maliýe hasabatynyň aýratyn kärhana, şeýle-de kärhanalar topary üçin taýýarlanyş meselelerine, şeýle hem maliýe hasabatynyň seljerme we interpretasiýa meselelerine garalyp geçiler.

Programma boýunça ähli sapaklar we synag – onlaýn formatda geçýär, şol sebäpden hiç ýerik gitmek gerek däl.

Ähli sapaklaryň beýanlary we lektor tarapyndan paýlanylýan materiallar – diňleýjide mydamalyk galýar.

Programma RK buhgalterleriň professional sertifikasiýasynyň sagatlarynyň ornuny tutýar.

Bu programma – ACCA DipIFR programmasy boýunça okamak üçin gowy baza bolup hyzmat edýär.

CIMA “Biznesiň netijeliligini dolandyrmak” programmasy P2 derejesi.

Bäsdeşlige ukyplylygy berkitmek üçin çykdajylary planlaşdyrma we seljerme.

Jogapkärçilik merkezleriniň işiniň netijeliligine gözegçilik etmek we baha bermek.

Uzak möhletli çözgütleri kabul etmek. Dolandyryş kontroly we töwekgelçilikler.