HASAP GOLDAWY

Kompaniýalar we dürli guramalar üçin doly hasapçylyk goldawy hyzmatlaryny berýäris. Köp ýyllyk tejribelerimize we bilimlere esaslanyp, kompaniýamyzyň hünärmenleri kärhanalara köp sanly maliýe meselelerini çözmäge, hasabatlary we beýannamalary düzmäge we işgärleriň ýazgylaryny dolandyrmagy başarnykly ýerine ýetirmäge kömek edýärler.

KOMPANIÝANYŇ HASAPÇYLYK GOLDAWYNYŇ ARTYKMAÇLYKLARY

Häzirki wagtda, ýokary bäsdeşlik gurşawynda köp firmalar daşarky hasapçynyň hyzmatlaryna ýüz tutýarlar. Bu çözgüdiň köp artykmaçlygy bar:

• doly işleýän hasapçy üçin iş ýerini guramagyň zerurlygy ýok;

• telefon we internet çykdajylary

• ähli maglumatlar doly gizlin saklanýar. Biziň kompaniýamyz islendik maglumatlary aýan etmezlik düzgünine berk eýerýär;

• autsorsing kompaniýasy şertnama baglaşyp, işiň hili üçin jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyryşy hökmanydyr.

Hasapçylyk goldawyny ulanmagyň netijesinde, guramaňyzyň hasapçylyk hasabaty nusgawy bolar. Aşakdaky ýagdaýlar üstünligiň girewi bolup hyzmat edýär:

• hasapçylyk hasabatynyň çylşyrymlylygy barada toplanan baý tejribe we çuňňur bilimler;

• özara gatnaşygy hemişe dogry karar bermäge we resminama işlerini ajaýyp görnüşde alyp barmaga mümkinçilik berýän birinji derejeli ökde hünärmenler ştaty;

• hasapçylygy alyp barmak boýunça ähli işleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmek.

Hsapçylyk hasabat goldawyna köplenç aşakdaky guramalar ýüz tutýarlar:

• gurluşyk kompaniýalary;

• lomaý ýa-da bölek söwda bilen meşgullanýan kompaniýalar;

• iş ugry ýük ýa-da ýolagçy gatnawy bolan guramalar;

• bilim pudagynda işleýän kompaniýalar.

 

KOMPANIÝANYŇ HASAPÇYLYK HASABAT GOLDAWY, AŞAKDAKY HYZMATLARY ÖZ IÇINE ALÝAR:

• ähli amallaryň häzirki ýazgylaryny ýöretmek;

• ähli zerur salgyt we hasapçylyk sanawlaryny taýýarlamak;

• salgyt beýannamalaryny, gaznalara we statistiki guramalara hasabatlary taýýarlamak;

• salgytlary we beýleki hökmany tölegleri hasaplamak;

• daşarky hasapçylyk hasabatlaryny taýýarlamak;

• kompaniýanyň maliýe ýagdaýy, bolup biljek bergiler, galyndylar we esasy maliýe görkezijileri barada müşderä yzygiderli habar bermek;

• iş dolandyryjylyk ýazgylaryny alyp barmak.

Hasapçylyk hasabat goldawy saýasynda, kompaniýa wagt we maliýe çeşmelerini tygşytlamak bilen täze ösüş derejesine çykýar. Şol bir wagtyň özünde, hasapçylyk bölümi, kompaniýamyzyň tejribeli işgärleriniň berk gözegçiligi astynda elmydama ajaýyp ýagdaýda bolar.